- ýeňil
- 1) Agyr däl, agramy az bolan, agyr bolmadyk.∙ Ýeňil mineral.2) Köp zähmet sarp edilmeýän, kyn bolmadyk, aňsat, sada, ýönekeý, ýeňil-ýelpaý.∙ Iki golsuz, bir aýaksyz adamyny basmagyň bolsa, duşmana has hem ýeňil düşjegini bilýärin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Bu meseläni çykarmak örän ýeňil.3) Göçme manyda Agras däl, salykatsyz, kelpeň, göterim (adam hakda).∙ Ýeňil adam.∙ Ýeňil häsiýet.4) Göçme manyda Siňmesi aňsat bolan, az hümmetli (nahar hakda).∙ Ýeňil nahar iýmek. Ýeňil nahar edinip, kino gitdik.5) Göçme manyda Galyň däl, ýuka.∙ Adamlar agyr gyş geýimlerini çykaryp, ýeňil ýaz geýimini geýýärdiler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)◊ eli ýeňil — seret el◊ kellesi ýeňil — seret ýeňilkelle∙ Kellesi ýeňil adam.◊ ökjesi ýeňil — seret ökje∙ Ökjesi ýeňil adam.◊ süňňi ýeňil — seret süňňi∙ Süňňi ýeňil hojaýynyň özi şu günki ýaly gözümiň öňünde. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)◊ ýeňil atletika — seret atletika◊ ýeňil galmak — Çalasynlyk bilen ýeriňden turmak, ýeňil hereket etmek.∙ Şol wagt Wepa hoş gylawlyk bilen ýerinden ýeňil galdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)◊ ýeňil maşyn — seret maşyn∙ Ýeňil maşyn tüweleý turzup ýola düşdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ ýeňil ýaralanmak — Çala ýaralanmak, howpsuz ýara düşmek.∙ Emma Dantes elinden ýeňil ýaralanýar. («Edebiýat»)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.